Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somali söweşijileri açlygyň bardygyny ret edýär


Somaliniň günortasyndaky ençeme raýony öz gözegçiliginde saklaýan “Aş-Şabab” barlyşyksyz yslamçy topar bu sebitde açlygyň bardygy baradaky habarlary “propoganda” diýip atlandyrdy.

Bu topar sebite Günbataryň ugradýan ynsanperwer kömegine garşy özleri tarapyndan girizilen gadaganlygyň ýatyrylandygyny ret etdi.

2009-njy ýylda “Aş-Şabab” daşary ýurtly gumanitar edaralaryň gelmegine gadaganlyk girizipdi. Emma ýakynda bu gadaganlyk belli derejede gowşady.

Şu hepdäniň başynda Birleşen Milletler Guramasy Somaliniň iki regionynyň açlykdan ejir çekýändigini resmi taýdan yglan edipdi.

Emma, “Aş-Şababyň” metbugat wekili Şeýh Ali Mohamud Rage radioda çykyş edip, açlyk baradaky beýanatyň “gizlin matlaply ýalandygyny” aýtdy.

BMG-iň Azyk programmasy ýakyn günleriň dowamynda Günorta Somaliniň ilaty üçin 175,000 adamlyk azyk ugratjakdygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG