Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Saud Arabystany bilen düşünişmek isleýär


Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Tähran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky “düşünişmezlikleriň” çözülip bilinjekdigine umyt bildirýändigini aýtdy.

Binäçe aý mundan ozal saudy goşunlary, Bahreýnde şaýy musulmanlarynyň geçiren protestlerini ýatyrmakda sünni monarhiýasyna hemaýat bermek üçin, ol ýurda giripdi. Şondan soň Tähran bu ýagdaý boýunça gazaply çykyş edipdi.

Salehi resmi “IRNA” habarlar gullugyna beren interwýusynda “Eýranyň Bahreýnde parahatçylygyň, durnuklylygyň we asudalygyň bolmagyny isleýändigini” aýtdy.

Eýranyň daşary işler minstri Ali Akbar Salehi “Bahreýn meselesiniň bahreýnlileriň özleri tarapyndan çözülmelidigini” hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG