Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bölekleýin tehniki defoltyň mümkindigini aýtdy


Prezident Barak Obama 2-nji awgustdan soň Birleşen Ştatlaryň bergi borçlary boýunça bölekleýin tehniki defoltyň – batyşyň mümkinçiligini ilkinji gezek dile getirdi.

2-nji awgustda ABŞ-nyň döwlet bergisiniň möçberini ulaltmagyň möhleti dolýar.

Anna güni giçlik Ak Tamda çykyş edip, Obama Wekiller palatasynyň başlygy respublikan Jon Beýneriň berginiň möçberini artdyrmak meselesinde ylalaşyga gelmek boýunça gepleşikleriň arasyny kesendigini tassyklady.

Wekiller palatasynda köplügi düzýän respublikanlar býujet çykdajylaryny birden gysgaltmak kepillendirilmese, berginiň möçberini artdyrmakdan ýüz öwürýärler.

Obama zerur çykalganyň tapyljakdygyna ynam bildirdi.
XS
SM
MD
LG