Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serhetdäki dikleşmeden soň, Kosowada ýagdaý dartgynly


Duşenbeden sişenbä geçilýän gije Kosowanyň polisiýasy Serbiýa bilen aradaky serhediň iki gözegçilik nokadyny öz eline almaga synanyşdy, ýagny ol ýerdaki polisiýa işgärleriniň ýerine öz albanlaryny ýerleşdirmäge çalyşdy.

Emma Kosowada ýaşaýan serbler häkimiýetleriň bu hereketine garşylyk görkezdiler. Serbler albanlary öz serhetlerine goýbermejek bolup, ýoly petiklediler.

Kosowa meseleleri boýunça Serbiýanyň Döwlet sekretary Oliwer Iwanowiç dartgynlygyň artmak howpunyň bardygyny duýdurdy.

Dartgynlyk ýüze çykan ýerlere NATO-nyň goşunlary ornaşdyryldy.

Häzir regionda ýagdaýyň azda-kände kadalaşandygy habar berilýär.

Geçen hepde Kosowanyň häkimiýetleri serbleriň öndürýän önümlerine gadagançylyk girizdiler. Muňa serbleriň 2008-nji ýylda Kosowa garaşsyzlygyny yglan edenden soň, bu ýurda garşy girizen embargosyny ýatyrmakdan boýun gaçyrmagy sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG