Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik serhedinde ýedi sany owgan neşe gaçakçysy öldürildi


Täjigistanda serhetden geçjek bolan ýedi sany owgan neşe gaçakçysy öldürilipdir. Bu barada Täjigistanyň howpsuzlyk resmileri habar berýär.

Döwlet howpsuzlygy boýunça milli komitetiň berýän maglumatyna görä, ýurduň günortasyndaky Hatlon etrabynda gümrük gullugyndaky esgerler bilen neşe gaçakçylarynyň arasynda ýaragly çaknyşyk ýüze çykypdyr.

Gümrük gullukçylarynyň arasyndan ýitgileriň bolup-bolmandygy barada entek maglumat ýok.

Wakanyň bolan ýerinde polisiýa neşe serişdelerini we ýaraglary ele saldy.

Täjigistanyň territoriýasynyň 1,350 kilometri Owganystan bilen serhetleşýär.
XS
SM
MD
LG