Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň Tikrit şäherindäki partlamalarda 12 adam öldi


Yragyň Tikrit şäherinde iki sany bomba partlamasy boldy. Bu wakalarda azyndan 12 adamyň ölendigi we 28 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu partlamalar ýerli bankda polisiýa işgärleri we esgerler aýlyklaryny alyp duran pursady döredi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, ilki bilen bankyň daşynda ýerleşdirilen bir awtoulag partladylypdyr. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça işgärler wakanyň bolan ýerine gelende bolsa, janyndan geçen bir hüjümçi özüni ýarypdyr.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini entek hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG