Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Somalide ýene üç sebiti “Açlyk zonasy” diýip yglan etdi


BMG Somalide ýene üç sebiti, şol sanda paýtagt Mogadişudaky bosgun lagerlerini hem “Açlyk zonasy” diýip yglan etdi.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy açlygyň gelýän dört hepde bilen alty hepde aralygynda Somaliniň günortasyndaky regionlaryň ählisine ýaýrajaga çalym edýändigini aýtdy. Açlyk şertleri dekabra çenli saklanjaga meňzeýär.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Somaliniň 7,5 million ilatynyň 3,7 milliony krizis ýagdaýynda ýaşaýar. BMG 3,2 million adamyň gyssagly halas ediş ýardamyna mätäçdigini aýdýar. Somali soňky 60 ýyldaky iň erbet gurakçylygy başdan geçirýär.

“Al-Kaýda” bilen ilteşikli jeňçi toparlaryň ýurduň gurakçylykdan ejir çekýän ýerleriniň köpüsine kontrolluk etmegi aç adamlara kömek ýetirmekde goşmaça kynçylyklary döredýär.
XS
SM
MD
LG