Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ilat ýazuwyna taýýarlyk işlerine garaldy


2012-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwyna taýýarlyk işleri boýunça döredilen döwlet komissiýasy ýekşenbe güni bu çärä bagyşlap ýörite maslahat geçirdi.

Maslahatda döwlet komissiýasy geljek ýyl geçiriljek ilat ýazuwyna taýýarlyk işlerine garady. Bu ilat ýazuwynyň barşynda Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý fondy barada-da anyk maglumat toplamaklyk göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi 2012-nji ýylda geçiriljek bu ilat ýazuwynda GDA bileleşiginiň çäklerinde ilkinji gezek Türkmenistanda “Geografiki maglumat sistemasy” atly elektron tehnologiýasynyň ulanyljakdygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG