Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Belarusy aktiwisti tussaglykdan boşatmaga çagyrdy


Duşenbe güni Amerikanyň Birleşen Ştatlary belarusly ynsan hukuklaryny goraýjy belli aktiwist Ales Belýaskiniň haýdan-haý tussaglykdan boşadylmagyny talap edip, Belarusyň häkimiýetlerine ýüzlendi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Mark Toner Ales Belýaskiniň salgyt galplyklarynda aýyplanyp tussag edilmegini Belarusyň häkimiýetleriniň syýasy aktiwistlere garşy alyp barýan gazaply çäresiniň dowam etmesi hökmünde häsiýetlendirdi.

Ales Belýaskiniň ýolbaşçylyk edip gelen ynsan hukuklaryny goraýjy «Wýasna» atly guramasy hem onuň tussag edilmegini syýasy matlaba esaslanýan çäre diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG