Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ýewropadan gelýän gök önümlere gadagançylygyny ýatyrdy


Duşenbe güni Orsýetiň hökümeti şu ýylyň iýun aýynyň başynda howply «E-coli» bakteriýasyna garşy göreş çäresi bilen baglanyşykly Ýewropa Bileleşiginiň bäş ýurdundan gelýän gök önümleriň importyna girizen gadagançylygyny ýatyrdy.

Ýurduň hökümet resmileri şu günden başlap Germaniýadan, Estoniýadan, Latwiýadan, Litwadan we Sloweniýadan satyn alynýan gök önümleriň gaýtadan Orsýete gelip başlajakdygyny mälim etdiler.

Soňky wagtlar Ýewropa ýurtlarynda peýda bolan «E-coli» bakteriýasyndan jemi 52 adam öldi, şolardan 50-si Germaniýanyň ýaşaýjylary.
XS
SM
MD
LG