Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýa: Kaddafiniň hökümeti NATO-ny aýyplaýar


Liwiýanyň häkimiýetleri NATO-nyň ýaranlyk güýçlerini 85 sany asuda ýaşaýjyny öldürenlikde aýyplaýar.

Liwiýa häkimiýetleriniň wekili Musa Ibrahimiň aýtmagyna görä, 9-njy awgustda Zliten şäheriniň golaýynda ýerleşýän bir oba NATO-nyň ýaranlyk güýçleri howa arkaly hüjüm edip, bu obany raketa okuna tutupdyr.

Liwiýa resmileri heläk bolanlaryň arasynda 30 sany çaganyň bardygyny aýdýarlar.

NATO-yň ýaranlyk güýçleri bu mesele bilen bagly beýanat etmedi.

Kaddafiniň hökümeti şu ýylyň mart aýyndan bäri NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň howa hüjümleri netijesinde ýüzlerçe asuda ýaşaýjynyň heläk bolandygyny aýdýar. Emma bu maglumatlar garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.
XS
SM
MD
LG