Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidenti Türkmenistana sapar eder


Sişenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ukrain ilçisi Walentin Şewalýowyň geçiren özara gepleşiginde Ukrainanyň prezidentiniň Türkmenistana etjek sapary bilen bagly meseleler üns merkezinde boldy.

Gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalary barada-da özara pikir alyşdylar.

Berdimuhamedow bilen Şewalýow, aýratynam, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, transport, gurluşyk we agrosenagat pudagyndaky özara hyzmatdaşlyklar barada maslahat etdiler.
XS
SM
MD
LG