Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Oş şäherinde žurnalisti ýençdiler


11-nji awgustda Gyrgyzystanyň Oş şäherinde 2007-njy ýylda öldürilen žurnalist Alişer Saipowyň inisi urlup ýenjildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň Oş şäherindäki bölüminiň metbugat sekretary Zamir Sydykowyň aýtmagyna görä, Şahruh Saipow häzir keselhana ýerleşdirilipdir.

Ol häzir ýerli polisiýa bilen gürleşmekden boýun gaçyrypdyr.

26 ýaşly Şahruh Saipowyň kakasy Awaz Saipow oglunyň urlup ýenjilendigini tassyklady.

Şahruhyň dogany Alişer “Syýasat” žurnalynyň baş redaktory bolup işleýärdi. Ol öz iş edarasynyň ýanynda 2007-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda atylyp öldürilipdi.

Şahruhyň internetde öz habar portalynyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG