Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom House” ýurist Sokolowanyň azat edilmegine çagyrýar


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Freedom House” guramasy Gazagystanda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilen ýurist Natalýa Sokolowanyň derhal azat edilmegine çagyryş edip, 10-njy awgustda ýörite metbugat beýanatyny ýaýratdy.

Gazagystanda protest geçirýän nebitçileriň ýuristi Natalýa Sokolowa “sosial bulagaýçylyga meçew bermekde” aýyplanylyp, hepdäniň duşenbe güni 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýurist Sokolowa şu ýylyň maý aýynda ýurduň Mangystau regionynda “Karažanbas” nebit ýatagynyň işgärleriniň öz aýlyk haklaryna nägilelik bildirip, protest aksiýasyna başlamaklarynyň yz ýany tussag edildi. Ol nebitçileriň hukuklaryny gorap, ýuridiki iş alyp barýardy.

“Freedom House” Sokolowa garşy bildirilen aýyplamalaryň galpdygyny aýdyp, gazak häkimiýetleriniň ýurduň sud sistemasyny hökümete garşy pikirleri sem etmek üçin ulanmagyna alada bildirdi.
XS
SM
MD
LG