Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür sudy Mubaregiň sud diňlenişigini yza süýşürdi


Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubaregi sud edýän sudýa şu gün bu iş boýunça diňlenişigi 5-nji senýabra yza süýşürdi we suduň göni efirde halka görkezilmegini gadagan etdi.

Sudýa Ahmed Refat şeýle-de Muberegiň sud diňlenişiginiň ozalky içeri işler ministri Habib al-Adliniň sud seljerişligi bilen birleşdirilmedigini aýtdy.

Muberek şu gün irden ýene sud otagyna getirilipdi. Ol öz dolandyryşyna garşy baş göteren protestçileri öldürmekdk aýyplanýar.

Eger günäli tapylsa, Muberege protestçileri öldürmegi buýranlygy üçin ölüm jezasy garaşýar. Şeýle-de ol korrupsiýada aýyplanýar.

Mubarek özüne bildirilýän aýyplamalaryň ählisini ret edýär.

83 ýaşyndaky Mubarek sud otagyndaky hassa düşegine näsag arabasynda getirildi. Bu onuň sud zalyna ikinji gezek getirilişidir.

Mubarek öz ogullary Alaa hem Gamal bilen bilelikde sud edilýär. Ozalky prezidentiň ogullary hem korrupsiýada aýyplanýar, emma olar bu aýyplamalary ret edýär.

Fewral aýynda Mubaregi işden çekilmäge mejbur eden gozgalaň döwründe 850 çemesi adam öldürilip, 6 müňden gowrak adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG