Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gozgalaňçylar kaddafiçiler bilen gepleşmändigini aýdýar


Liwiýanyň gozgalaňçylary özleriniň ýurduň lideri Muammar Kaddafiniň režimi bilen gepleşiklere başlandyklary baradaky habarlary ret etdiler.

Birleşen Milletler Guramasy hem Tunisde Kaddafiniň wekilleri bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky gepleşiklere Liwiýa boýunça özüniň ýörite wekili Abdullah al-Hatibiň gatnaşmandygyny aýdýar.

Mundan ozal, Tunisiň Jerba adasynda Liwiýanyň gozgalaňçylary bilen Kaddafiniň wekilleriniň gepleşiklere başlandyklary barada habar ýaýrapdy.
XS
SM
MD
LG