Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak ministri: Pakistan bilen işleşmekden başga ýol ýok


Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panettanyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar bilen Pakistanyň arasyndaky bar bolan ylalaşmazlyklara garamazdan, Waşingtonyň Yslamabat bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmekden başga ýoly ýok. Sebäbi Pakistan “Al-Kaýda” söweşijlerine garşy göreşde ABŞ-a hemaýat berýär.

Panettanyň sözlerine görä, ýadro arsenaly bolan Pakistan regionda möhüm güýje eýedir.

Sişenbe güni Waşingtonda Panetta Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen köp ugurly meseleler boýunça maslahata gatnaşypdy. Maslahatyň dowamynda arap dünýäsindäki ýagdaýlara hem garaldy.

Klinton Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň häkimiýetden çekilmegi boýunça Obamanyň administrasiýasynyň çagyryş etmekden saklanmak kararyny hem goldady.

Klintonyň sözlerine görä, Birleşen Ştatlaryň Assadyň wezipeden çekilmegi baradaky çagyryşyndan, tutuş arap dünýäsiniň ony ýazgarmagy has netijeli bolar.
XS
SM
MD
LG