Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet: Dagystanyň IIM-niň üç işgäri öldürildi


Şu gün Orsýetiň Dagystan respublikasynda amala aşyrylan hüjümlerde Içeri işler ministrliginiň üç işgäri öldürildi.

Içeri işler ministrliginiň resmileri bu wakalardan birinde Dagystanyň Kasawýurt ilatly punktynyň golaýynda näbelli ýaragly adamlaryň eden hüjüminde iki sany polisiýa işgäriniň öldürilendigini habar berdiler.

Maglumata görä, özara atyşyklarda ýaragly söweşijilerden hem ikisi öldürilipdir.

Başga bir wakada bolsa, Mahaçgala şäheriniň golaýynda polisiýanyň bir maýorynyň näbelli ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürilendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG