Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda iki aktiwist tussag astyna alyndy


Penşenbe güni gazagystanly nebitçileriň adwokaty Natalýa Sokolowanyň tussaglykdan boşadylmagyny talap edip piket geçiren iki aktiwist tussag astyna alyndy.

Nebitçileriň käbir talaplary ýazylgy futbolkalary geýip pikete çykan Arman Ožubaýew bilen Dmitriý Tihonow ýurduň dolandyryjy "Nur-Otan" partiýasynyň Almaty şäherindäki ofisiniň öňünde talaplar bilen çykyş etdiler.

Olar ellerinde "Nataliýa Soklowa azat edilsin!", "Gazak nebitçileri gullar däl" diýen ýazgyly plakatlary göterdiler.

Gazagystanly nebitçileriň adwokaty Nataliýa Sokolowa ýakynda bulagaýçylyklara meçew bermekde aýyplanyp, 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG