Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyratdaky partlamada azyndan 24 adam öldi


Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda iki sany köçeýaka bombanyň partlamagy netijesinde parahat ilatdan azyndan 24 adam öldi, 11 adam ýaralandy. Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, pidalaryň arasynda aýallar we çaglar hem bar.

Paktiýa welaýatynyň Gardez şäherindäki bir bazanyň girelgesiniň golaýynda bolsa janyndan geçen hüjümçi ýük ulagyny partlatdy. Halkara güýçleriň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, partlamada iki sany owgan howpsuzlyk işgäri ölüpdir.

Gardezdäki hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG