Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada azyndan 30 töweregi protestçi öldürildi


Anna güni Siriýanyň oppozisiýa aktiwistleri ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň protestçilere garşy nobatdaky gezek ýarag ulanmaklary netijesinde 30 töweregi adamyň ölendigini habar berdiler.

Olaryň maglumatyna görä, bu waka Siriýanyň günortasyndaky Deraa prowinsiýasynda ýüz beripdir.

Şu hepde Siriýanyň lideri Başar al-Assadyň BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen geçiren gepleşiginde parahat protestçilere garşy güýç ulanylmagynyň bes edilmegine görkezme berendigi habar berlipdi.

Hepdäniň penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama we Ýewropa Bileleşiginiň käbir liderleri Başar al-Assadyň haýdan-haý häkimiýetden çekilmegini talap edip, beýanat ýaýratdylar.

Şu ýylyň mart aýyndan bäri Siriýada dowam edýän protest çykyşlarynyň barşynda 2 müňden gowrak adam öldi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG