Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad iş başyndan çekilmekçi däldigini aýtdy


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad howpsuzlyk güýçleriniň bäş aý bäri dowam edýän protest aksiýalaryň hötdesinden gelýändigini öten agşam telewideniýe arkaly eden çykyşynda aýtdy.

Assad soňky hepdeler hökümete garşy aksiýalaryň has güýçlenendigini boýun aldy, emma özüniňem, hökümetiniňem iş başyndan çekilmekçi däldigini aýtdy. Günbatar liderleriniň çagyryşlaryny Assad “peýdasyz” diýip atlandyrdy.

Siriýanyň prezidenti reformalary dowam etdirmekçidigini tassyklady. Onuň berýän bahasyna görä, planlary işläp düzmek üçin bärsinden alty aý gerek bolar. Parlament saýlawlary 2012-nji ýylyň fewralyndan bärde geçirilmez.

Munuň öň ýany ýurtdaky gumanitar ýagdaýa baha bermek maksady bilen BMG-niň komissiýasy Siriýa geldi. Aktiwistleriň maglumatyna görä, Siriýada bäş aý bäri dowam edýän garşydurmalarda bärsinden iki müň adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG