Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Wenesuelanyň prezidenti Çawes ähli saçyny ýitirdi


Wenesuelada ýurduň prezidenti Ugo Çawesiň tarapdarlarynyň birnäçesi ýekşenbe güni rak keseline garşy göreşde Çawese raýdaşlyk üçin saçyny syrdyrdy.

Sertaraşlaryň işleýşine tomaşa edýän prezidentiň tarapdarlarynyň ýüzlerçesi doga okadylar, dini gimni ýerine etirdiler. Bu dabara tomaşa eden Çawes ýylgyrdy we saza goşup el çarpdy.

14-nji awgustda soňky himiýaterapiýa kursuny alan Ugo Çawes ähli saçyny ýitirdi. Ol ýakynda bejergä öz bedeniniň gowy reaksiýa bildirýändigini aýtdy we ýene bir bejergi kursunyň gerek bolmagynyň mümkindigini tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG