Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Mongoliýadaky demokratik prosesleri öwdi


22-nji awgustda Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden Mongoliýa saparynyň dowamynda eden çykyşynda öňki sosialistik lagere giren bu ýurtda geçirilýän demokratik özgertmeleri öwdi.

“Soňky 20 ýylyň dowamynda Mongoliýa demokratiýa tarap äden aýgytly ädimleri bilen dünýä belli boldy. Ýurtda demokratiýanyň ölçeglerine laýyk bäş gezek geçirilen prezidentlik saýlawlary, bäş sany parlament saýlawlary 1991-nji ýyldan bäri Mongoliýanyň göze ilýän özgerşlikleri amala aşyrandygyna şaýatlyk edýär” diýip, Baýden aýtdy.

Baýden Ulan Batorda eden bu çykyşynda ABŞ-nyň Mongoliýa mundan beýläk hem ýardam bermegini dowam etdirjekdigini nygtady.

Mongoliýanyň häkimiýetleri energiýa pudagyny ösdürmek üçin daşary ýurt inwestisiýalaryny ýurda çekmäge synanyşýarlar.

Ulan Batordan öň Hytaýa sapar eden Baýden 22-nji awgustda Ýaponiýa ugrady.
XS
SM
MD
LG