Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada oppozisiýa wekilleri aksiýa geçirdiler


Oppozisiýa wekilleri we adam hukuklaryny goraýjylar duşenbe güni Moskwanyň merkezinde Orsýetiň baýdak gününe we 1991-nji ýylyň awgustynda bolan parahatçylykly demokratik rewolýusiýanyň ýyl dönümine gabatlap aksiýa geçirdiler.

Ýüzden gowrak adamyň Orsýetiň üç reňkli uly baýdagyny göterip, “Orsyet azat-erkin bolar”, “Putinsiz Orsýet” diýen şygarlara gygyrandyklaryny, Puşkin meýdanyna gelip, şol ýerde miting geçirendiklerini Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy.

Olar “1991-nji ýylyň 19-22-nji awgusty. Biz öz ýeňşimizi hiç kime bermeris” diýen ýazgyny göterip durdular.

Aksiýa oppozision syýasatçylar Boris Nemsow, Garri Kasparow, Wladimir Ryžkow we adam hukuklaryny goraýjy Lew Ponomarýow dagy gatnaşdy.

Prowokatorlaryň bir topary mitinge gatnaşyjylara päsgel bermäge synanyşdy, emma ýygnanan adamlar olary tutup, polisiýa işgärlerine tabşyrdy.
XS
SM
MD
LG