Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kim Çen Iriň teklibini ýeterlik däl hasaplaýar


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň ýadro synaglaryna we raketa uçurmaga moratoriýa girizmek baradaky teklibini Birleşen Ştatlar ýeterlik däl hasap edýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nulandyň aýtmagyna görä, Kim Çen Iriň teklibi “gutlap boljak ilkinji ädim”, ýöne ol Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça altytaraplaýyn gepleşikleri dikeltmek üçin ýeterlik däl.

Demirgazyk Koreýanyň lideri bu teklibini Orsýete saparynynyň dowamynda öňe sürdi we Ulan-Udede Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen duşuşdy.

ABŞ Kim Çen Iriň sapary tamamlanadan soň Orsýet bilen konsultasiýalar geçirmekçidigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG