Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesinden çekildi


Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kan wezipesinden çekilýändigini, şeýle-de, ýurduň başyndaky Ýaponiýanyň Demokratik partiýasynyň başlyklygyndan gidýändigini mälim etdi.

Partiýanyň täze başlygy duşenbe güni saýlanar. Saýlanjak adamyň ýurduň täze premýer-ministri bolmagynyň örän ähtimaldygy hem çak edilýär. Bu wezipä saýlanmagy mümkin dalaşgärleriň arasynda ýurduň ozalky daşary işler ministri, maliýe ministri hem söwda ministri bar.

Naoto Kan şu ýylyň 11-nji martynda bolan heläkçilikli ýer titreme we sunami wagty ýeterlik derejede çäre görmändigi, şeýle-de ýurtda gowşak maliýe syýasatyny alyp barandygy üçin berk tankyt edilipdi.

“Bu köp kynçylyklary bolan juda agyr bir ýagdaýdy. Şony hasaba alanyňda, men öz elimden gelen ähli zady edendigime ynanýaryn” diýip, Naoto Kan anna güni eden çykyşynda belledi.
XS
SM
MD
LG