Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda güýzki at çapyşyklar başlandy


Ýekşenbe güni Aşgabadyň, şol sanda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň atçylyk toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi başlandy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Aşgabadyň aýlawynda bolan ýaryşa 80-den gowrak at gatnaşdy. Müň metr aralyga bolan çapyşykda “Perizat” atly bedew birinji bolup pellehana geldi.

Alty atyň gatnaşmagynda 1,400 metr aralyga bolan çapyşykda “Merhab” atly bedew birinji boldy. 1,500 metr aralyga bolan çapyşykda “Gülpamyk” atly bedew ýeňdi. 1,600 metre bolan çapyşykda “Güllen 2” atly bedew birinji boldy.

Prezidentiň baş baýragyny almak ugrundaky at çapyşygy 28-nji oktýabrda geçiriler. Güýzki at çapyşyk möwsümi bolsa 13-nji noýabrda tamamlanar. Şol gün “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň kubogyny almak ugrunda at çapyşyk bolar.
XS
SM
MD
LG