Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda terrorizm boýunça 18 adam tussag edildi


Gazagystanda terroristik hüjümleri amala aşyrmagy planşdyrmakda gümän edilip, 18 adam tussag edildi. Bu maglumaty ýurduň prokuraturasynyň başlygy mälim etdi.

Seýfulla Kemalowyň aýtmagyna görä, ol adamlary aýyplamaga we tussag etmäge “doly esas” bar. Ýöne Kemalow planlaşdyrylan terroristik hüjümler barada jikme-jik maglumat bermedi.

Kemalowyň sözlerinden çen tutulsa, tussag edilenleriň ählisi Atyrau regionyndan bolmaly. Bu regionda şu ýylyň başynda öz janyndan geçeniň hüjümi, şeýle-de howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijilerdir öýdülýän adamlaryň arasynda atyşyklar bolupdy.
XS
SM
MD
LG