Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan Eýrana $5 milliard bergisini berdi


Hindistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary alan nebiti üçin Eýrana 5 milliard dollar bergisini doly töledi diýip, IRNA habar agentligine Eýranyň Merkezi bankynyň baştutany Mahmut Bahmani aýtdy.

Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly onuň garşysyna halkara sanksiýalar girizilendigi üçin, Eýran bilen hasaplaşykda kynçylyk dörändigi sebäpli geçen ýylyň dekabryndan bäri bergiler üýşüp başlady.

Hindi häkimiýetleri berginiň türk banklarynyň biriniň üsti bilen ýewroda tölenendigini habar berdi.

Hindistan Hytaýdan soň Eýranyň iň uly nebit müşderisidir.

Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, Eýran Hindistana nebit eksportuny kesmekçi däl.
XS
SM
MD
LG