Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mubaregiň işi boýunça sud prosesi dowam edýär


Duşenbe gün Müsüriň ozalky awtoritar lideri Hosni Mubaregiň işi boýunça sud prosesi gaýtadan öz işine başlady. Diňlenişige media wekilleri goýberilmedi.

Müsüriň sudy ony korrupsiýada hem-de parahat demonstrasiýaçylaryň öldürilmegi bilen baglanyşykly işlerde aýyplaýar.

Şu ýylyň fewralynda halk gozgalaňlary netijesinde häkimiýetden çetleşdirilen 83 ýaşly Hosni Mubarek özüne bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny ret edýär.

30 ýyla golaý häkimiýet başynda oturan Hosni Mubarege raýdaşlyk bildirýän kuweýtli adwokatlardan 10-sy ýekşenbe güni sudda ony goramak üçin Müsüriň paýtagtyna bardylar.
XS
SM
MD
LG