Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa MI5 baradaky maglumatlary derňemekçi


Duşenbe güni Britaniýanyň hökümeti bu ýurduň razwedka gullugynyň Liwiýanyň ozalky režimi bilen hyzmatdaşlyk edendigi barada peýda bolan maglumatlar boýunça derňew geçirjekdigini aýtdy.

Bu wakanyň öňýany Liwiýanyň paýtagty Tripolide Muammar Kaddafiniň režimi bilen Britaniýanyň we Birleşen Ştatlaryň gizlin gulluklarynyň belli bir işler boýunça hyzmatdaşlyk saklandyklaryny görkezýän dokumentleriň tapylandygy habar berildi.

Maglumatlarda britan we amerikan gulluklarynyň terrorizmde güman edilýän adamlary Kaddafiniň režimine tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk alyp barandyklary aýdylýar.

Şol tabşyrylan adamlaryň hatarynda Liwiýanyň häzirki oppozision güýçleriniň goşun ýolbaşçysynyň hem bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG