Duşenbe güni Eýranda prezident Mahmud Ahmedinejad barada tankydy makala çap eden neşirlerden ikisi ýapyldy.
Resmi «IRNA» habar agentligi «Şahrwandi Emrouz» hepdelik žurnaly bilen «Rouzegär» gündelik gazetiniň ýurduň metbugat baradaky kanunyny bozandyklary üçin, olaryň işiniň togtadylandygyny habar berdi.
Emma bu neşirleriň kanun bozmalarynyň anyk nämelerden ybaratdygy barada maglumat berilmeýär. Mundan ozal hem bu reformaçy neşirleriň ikisi-de wagtlaýyn ýapylyp, soňra olaryň işi gaýtadan dikeldilipdi.