Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe Orta Ýerdäki gözegçiligini güýçlendirer


Sişenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan ýüze çykan soňky ikitaraplaýyn dawalaryň barşynda Türkiýäniň Ysraýyl bilen öz söwda we harby hyzmatdaşlyklaryny doňdurýandygyny yglan etdi.

“Anadoly” habar agentligine beren interwýusynda ol: “Biz Ysraýyl bilen söwda, harby we goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlyklarymyzy doly togtadýarys” diýdi.

Şeýle-de, Rejep Taýýip Erdogan Türkiýäniň Orta Ýer deňziniň gündogar sebitlerindäki öz harby-deňiz gözegçiliklerini güýçlendirýändigini mälim etdi.

Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky bu dartgynlylyk 2010-njy ýylda türkiýeli aktiwistleriň Gaza Sektoryna tarap münüp barýan gämisine Ysraýylyň harbylarynyň eden hüjüminden soň ýüze çykdy.

Ysraýylyň hökümeti türkiýeli aktiwistleriň dokuzysynyň ölümine getiren bu waka üçin Türkiýeden ötünç soramakdan ýüz öwrüp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG