Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Demirgazyk akymyndan” gaz akdyrylyp başlandy


Sişenbe güni Orsýetiň demirgazygyndaky Wyborg şäherinde Orsýetden Ýewropa çekilen “Demirgazyk akymy” atly täze gaz geçirijiden ilkinji gezek gaz akdyrylyp başlandy.

Gaz akdyrylyş dabarasyna gatnaşan premýer-ministr Wladimir Pütin bu işe özüniň “ak patasyny” berdi.

Baltika deňziniň asty bilen Germaniýa çenli çekilen bu gaz geçiriji häzirlikçe esasy proýektiň diňe bir turbasyny ybarat edýär. Onuň ikinji turbasynyň gurluşygy heniz dowam edýär.

2012-nji ýylyň ahyrynda bu proýekt doly gurlup gutarlanda, ondan ýylda 55 milliard kubometr gaz akdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.

Uzynlygy 1 müň 224 kilometr bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň umumy bahasy 7,4 milliard ýewro diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG