Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda dört adam dardan asylyp jezalandyryldy


Eýranda neşe gaçakçylygynda aýyplanan dört adam dardan asmak arkaly jezalandyrylyp öldürildi. Bu barada "Şark" gazetinde habar berilýär.

"AFP" habar agentliginiň maglumatyna görä, şu ýylyň başyndan bäri Eýranda 184 adam şu usulda jezalandyrylyp öldürilipdir.

Geçen ýyl Eýran 179 adamyň dardan asmak arkaly jezalandyrylyp öldürilendigini habar beripdi. Emma adam hukuklary boýunça guramalaryň aýtmagyna görä, resmi sanlar peseldilip görkezilýär.

Tähran kanunçylygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin, ölüm jezasyna möhüm bir serişde hökmünde garaýar.

Eýranda adam öldürmek, jynsy zorluk, ýaragly hüjüm, neşe gaçakçylygy ýaly jenaýat işleri üçin ölüm jezasy berilýär.
XS
SM
MD
LG