Penşenbe güni palestinalylyar özleriniň BMG-niň agzalagyna kabul edilmegi boýunça goldaw çärelerini geçirdiler.
Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbasyň Palestinanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi üçin, 20-nji sentýabrda arzany BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna gowşurmagyna garaşylýar.
Abbas Palestinanyň, 1967-nji ýyldaky alty günlik uruşdan ozalky serhet araçäklerini öz içine aljak Palestina döwletiniň, BMG-niň doly ygtyýarly agzasy bolmak boýunça planynyň ugurlaryny palestin resmileri bilen maslahat etdi.
Bu baradaky arza Ysraýyl hem Birleşen Ştatlar garşy çykýar. Waşington bu baradaky plany BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde petiklejekdigini aýdýar.