Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafi özüniň Nigerdedigi baradaky habarlary inkär etdi


Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafi özüniň goňşy Nigere geçendigi baradaky habarlary inkär etdi.

Düýbi Siriýada ýerleşýän “Arrai Oruba” telekanalynda telefon arkaly eden çykyşynda Kaddafi özüniň Liwiýany terk edip, Nigera geçendigi baradaky habarlary “pshilogiki uruş we ýalan” diýip atlandyrdy.

“Liwiýanyň ähli söweşjeň halkyna ýüzlenýärin: Liwiýanyň topraklary siziňkidir. Bu topraklar size ata-babalaryňyzdan miras galdy. Päliýamanlar bu ýerlerli sizden aljak bolýarlar. Olar hakyna tutulan güjükler, olar ýoldan çykan adamlar. Olar Liwiýada diňe belli wagt bäri ýaşap ýören daşary ýurtlular. Olar ata-babalaryňyzyň topraklaryny sizden aljak bolýarlar. Bu iş amala aşmaz” diýip, Kaddafi çykyş etdi.

Niger bolsa, eger-de Kaddafi öz territoriýasyna girmek islän halatynda özüniň näme etmelidigi barada pikir ýöredýär. Ýurduň daşary işler ministriniň BBC gullugyna aýtmagyna görä, Nigeriň Kaddafini kabul etmek ýa-da ony Halkara Jenaýat suduna tabşyrmak baradaky karary soň mälim ediler.

Pentagon Kaddafiniň Liwiýany terk edendigine hiç hili deliliň ýokduguny aýdýar.
XS
SM
MD
LG