Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Buşehr ýadro elektrik stansiýasyny işe girizýär


Eýran şu gün özüniň Orsýetiň kömegi bilen guran ilkinji ýadro elektrik satnsiýasyny dabaraly ýagdaýda işe girizer.

Bu dabara Orsýetiň energiýa ministri Sergeý Şmatkonyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Şmatko Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bilen çykyş eden metbugat ýygnagynda «Biz Buşehr elektrik stansiýasynda geljekde has kän hyzmatdaşlyk ederis, ýadro energiýasy ugrundan bolsa başga proýektleri hem işläp düzeris diýip arkaýyn aýdyp biljek» diýdi.
XS
SM
MD
LG