Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň premýer-ministri Erdogan Tunise bardy


Çarşenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan özüniň arap döwetlerine edýän saparynyň çäginde Tunise bardy.

Sişenbe güni Erdogan Müsüriň paýtagty Kairde Arap Ligasynyň düzümine girýän döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslhatynda çykyş edip, Palestina döwletini ykrar etmek “diňe bir meýletinlik bilen edilmeli iş hem däl-de, eýsem borçdur” diýip, nygtady.

Şeýle-de, Erdogan Ysraýyly Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk gepleşiklerinde pägelçilik döretmekde günäkärledi.
XS
SM
MD
LG