Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 30 sany howa kompaniýasyny ýapmakçy bolýar


Howpsuzlyk çäreleri esasynda Orsýetiň 30 sany kiçiräk howa kompaniýanyň ygtyýarnamalaryny yzyna almagy mümkin.

Federal howa transport gullugynyň başlygy Aleksandr Neradko düýn öz gullugynyň üç sany howa kompaniýasynyň ygtyýarnamasyny ýatyrmak üçin gerekli dokumentleri taýýarlandygyny aýtdy.

Emma ol bu kompaniýalaryň adyny aýtmady. Şeýle-de ol 30 sany howa kompaniýasynyň ýyllyk howpsuzlyk we maliýe barlaglaryndan ikinji ýyl hem geçip bilmändigini, bu ýagdaýyň bolsa olary ýapylmaga doly esas berýändigini aýtdy.

Geçen hepde 44 adamyň başyna ýeten uçar heläkçiliginden soň, rus prezidenti Dmitriý Medwedew öz hökümetine ynamdar däl howa kompaniýalaryny ýapmagy buýrupdy.
XS
SM
MD
LG