Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanyň lideri BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna barmaz


Päkistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani ýurduň günortasyndaky suw basmalar sebäplii özüniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka etmeli saparyny ýatyrdy.

Premýer-ministr Ýusuf Reza Gilaniniň edarasynyň beýanatyna görä, ol kömek beriş çärelerini gurnamak üçin ýurtda galar.

Agyr ýagyn sebäpli soňky alty hepdäniň dowamynda Päkistanyň günortasyndaky Sindh welaýatynyň uly bölegini suw aldy. Munuň netijesinde, 200 müň töweregi adam öý-öwzarsyz galdy.

Gilani anna güni çykyş edip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýasynda öz ýerine ýurduň daşary işler ministriniň çykyş etjekdigini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG