Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa- Serbiýa barlag nokatlaryna ÝB-niň güýçleri gözegçilik eder


Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň aýtmagyna görä, Kosowanyň polisiýasy we gümrük resmileri, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň polisiýasy Serbiýa bilen aralykdaky iki sany serhet barlag-gözegçilik nokadyna ýerleşdirilipdir.

Maglumata görä, serhet we gümrük gözegçiligini indi Ýewropa Bileleşiginiň güýçleri üpjün eder. Kosowa bolsa tehniki meseleler bilen meşgullanlar.

Penşenbe güni serhet regionlarynda ýaşaýan serbler barlag-gözegçilik nokadyna barýan ýollary böwetländen soň, regiondaky dargtynlylyk has-da artypdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi we ÝHHG regionda dörän dartgynlylyga özleriniň aladasyny bildirip, taraplary güýç ulanmakdan saklanmaga çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG