Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwiýaly gozgalaňçylar iki möhüm desgany eýelediler


Liwiýada Kaddafä garşy göreşýän gozgalaňçylar Sabha şaherinde iki möhüm desgany eýelediler. Olar Kaddafiniň tarapdarlarynyň gözegçiliginde bolan aeroporty we galany öz ellerine aldylar.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň harby meseleler boýunça wekili Ahmad Bani özleriniň iki günüň dowamynda Sabha şäherini doly eýelejekdigini aýtdy.

Şol bir wagtda-da Bani Walid we Sirte şäherlerinde kaddafiçiler Liwiýanyň täze häkimiýetleriniň goşunlaryna berk garşylyk görkezmeklerini dowam edýärler.

Polkownik Kaddafiniň özüniň nirede gizlenýändigi henize çenli belli däl.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG