Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Owganystanda Rabbaniniň öldürilmegini ýazgardy


20-nji sentýabrda Owganystanda ýurduň öňki prezidenti Burhaneddin Rabbaniniň janyndan geçen hüjümçi tarapyndan öldürilmegini dünýaniň beýleki liderleri bilen bir hatarda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hem ýazgaryp çykyş etdi.

1992-1996-njy ýyllar aralygynda Owganystanyň prezidenti wezipesini eýelän Burhaneddin Rabbani Owganystanyň barlyşyk boýunça Ýokary geňeşine ýolbaşçylyk edýärdi. Bu geňeşiň esasy wezipesi talyplar bilen gepleşiklere başlamakdan ybarat.

Rabbaniniň öldürilendigi baradaky habar gowşansoň, Nýu-Ýorkda prezident Obama bilen prezident Karzaýyň gepleşikleri togtadyldy. 70 ýaşly Burhaneddin Rabbaniniň ölümi bilen bagly prezident Karzaý ABŞ-a edýän saparyny kesip, Owganystana gaýtdy.

Prezident Obama Rabbanini Owganystanyň ykbaly barada çuňňur alada eden adam hökmünde häsiýetlendirip, onuň ölümini agyr ýitgi diýip atlandyrdy.

Obama özüniň hem prezident Karzaýyň Owganystanda parahatçylygy ornaşdyryp, bu ýurduň durnukly bolmagy ugrunda hereket etmegi dowam etdirjekdigini nygtady.

“Adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmagyna garamazdan, biz owganystanlylary erkinlige, howpsuzlyga hem ösüşe alyp barýan ýoldan sowulmarys. Ýurtdaky zorluk-sütemi togtatmak üçin, owgan jemgyýetiniň hemme gatlagyny ýaraşdyrmak ugrundaky tagallalary dowam etdirmek juda möhümdir” diýip, Obama aýtdy.

21-nji sentýabrda Owganystanda adatdan daşary hökümet maslahatynyň geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG