Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada täze hökümetiň düzülmegine garaşylýar


Çarşenbe güni Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň wagtlaýyn premýer-ministri Mahmud Jabril geljek 10 günün dowamynda Liwiýada täze resmi hökümet düzüler diýip umyt edýändigini aýtdy. Ol bu barada çarşenbe güni Nýu-Ýorkda "Arap bahary" atly protest çykyşlaryna bagyşlanylyp geçirilen ýörite konferensiýada mälim etdi.

Ýöne Mahmud Jabril täze düzüljek hökümetiň ministrlikleriniň hemmesini paýtagt Tripolide ýerleşdirmelimi ýa-da olaryň bir bölegini Bengazi şäherine geçirmeli diýen meselede heniz anyk bir karara gelinmändigini aýtdy.

Häzirki wagt Liwiýanyň Milli geçiş geňeşine tarapdar oppozision söweşijiler Liwiýanyň ozalky lideri Muammar Kaddafiniň tarapdarlary bilen Bani Walid we Sirte şäherlerinde söweş alyp barýarlar.
XS
SM
MD
LG