Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejadyň çykyşy mahaly günbatarly diplomatlar zaly terk etdiler


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň BMG-niň Baş Assambleýasynda Amerika garşy gönükdirilen çykyşy mahaly onlarça amerikan we günbatar diplomatlary maslahat geçýän zaly terk etdiler.

Eýranyň prezidenti öz çykyşynyň dowamynda Birleşen Ştatlary 18-nji asyryň ortalaryna çenli gulçulygy goldanlykda, goragsyz adamlara garşy ýadro ýaragyny ulananlykda, Aziýa, Afrika hem Latyn Amerikasyndaky ýurtlarda harby diktaturalary goldanlykda aýyplady.

Şeýle hem Eýranyň prezidenti 2001-njy ýylyň 11-nji sentýabrdaky terrorçylykly hüjümi ABŞ-nyň Yraga hem Owganystana çozmak üçin bahana hökmünde ulanandygyny aýtdy.

“Öz imperialistik metbugatyny ulanyp, ABŞ Holokosta we 11-nji sentaýbr wakalaryna şübhe bilen garaýanlara sanksiýalar hem harby hereketler bilen haýbat atýar” diýip, Ahmedinejad aýtdy.

Ahmedinejad BMG-de çykyş edýärkä, müňe golaý adam BMG-niň binasynyň öňünde ýygnanyp, Eýranyň alyp barýan syýasatyna garşy protest geçirdiler.
XS
SM
MD
LG