Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti: diktatorlar eden işleri üçin jogap bermeli


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa Birleşen Milletler Guramasyna awtoritar liderleriň öz hereketlerine jogap bermegi üçin, bu ugurdaky ýörite mehanizmleri ösdürmegi teklip etdi.

Otunbaýewanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda aýtmagyna görä, geçen 20 ýylda Gyrgyzystanyň tebigy baýlyklary “jenaýatçy hem korrumpirlenen” liderler tarapyndan talanypdyr we ogurlanan milliardlarça dollarlar ýurtdan çykarylypdyr.

“Diktatorlar daşary ýurtlardan gaçybatalga tapmaly däl-de, öz halkyna garşy eden işleri üçin jogap bermelidirler. BMG talanan halkaryň ogurlanan pullarynyň gaýtarylyp berilmegi üçin, adalatly suduň bolmagyny üpjün edýän anyk ölegçeleri we proseduralary işläp taýýarlamalydyr” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Gyrgyz prezidenti Otunbaýewanyň pikiriçe, BMG-niň şeýle ölçeglerine we proseduralaryna syýasy ar alyş däl-de, awtoritar liderleriň öz eden işleri üçin jogap bermegi hökmünde garamalydyr.
XS
SM
MD
LG