Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Eýranyň ýadro problemasyna “ädimleýin” çemeleşmeli


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow CNN telekanalyna beren interwýusynda Eýranyň ýadro programmasy problemasyna “ädimleýin” çemeleşmelidigini aýtdy.

Lawrowyň sözlerine görä, mysal üçin, urany baýlaşdyrýan sentrafuganyň önümçiligini doňdurmak bilen ilkinji ädimi Eýran ätmeli. Onuň pikiriçe, muňa jogap hökmünde halkara jemgyýetçiligi Tähranyň garşysyna sanksiýalar girizmezligi wada berip bilerdi. Netijede, Eýran ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnamanyň goşmaça protokolyna goşulyp biler.

Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Eýrany ýadro ýaragyny döretmäge çalyşýanlykda aýyplaýar, Tähran bu bildirilýän aýyplamany ret edýär.
XS
SM
MD
LG