Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky partlamada azyndan 16 adam öldi


Sişenbe güni Owganystanyň hökümet resmileri ýurduň Gerat welaýatynda ýol ugrunda bomba partladylmagy netijesinde azyndan 16 adamyň ölüp, ençeme adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ölen adamlardan 11-siniň çagalardygy aýdylýar.

Maglumata görä, bu wakada Gerat welaýatynyň Şindand etrabynda toýdan gaýdyp gelýän bir awtobusyň aşagynda bomba partladylypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir toparyň öz üstüne almandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG